Soňky habarlar

Arhiw

Şazenan Diananyň toýundaky tortuň bölegi satylýar

12:4902.08.2021
0
5249

Meşhur iňlis şazenany Diananyň durmuş toýunda kesilen tortdan bir bölek 40 ýyldan soň bäsleşikli söwdada satlyga çykarylar. Bäsleşikli söwda Saýrensesterdäki Dominik Winter auksionynda geçiriler.

1981-nji ýylda geçirilen toýdaky tortdan galan bölegiň ölçegi 20 ― 18 santimetr. Onuň agramy bolsa 794 gram. Ýüzünde korollyk tugrasy ýerleşdirilen tort şazenanyň ejesiniň hyzmatkäri Maýra Smit tarapyndan köne çörek bişirilýän gapda saklanylypdyr. Tortuň 500 funt sterlinge satylmagyna garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň