Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda ýylyň ýedi aýynyň jemlerine bagyşlanan maslahatlar geçirildi

11:2402.08.2021
0
896

Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň 30-njy iýulynda Balkan welaýatynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde beren tabşyrygyna laýyklykda, öňňin ýurdumyzyň ministrliklerinde we pudak edaralarynda geçen ýedi aýda edilen işleriň netijeleri boýunça maslahatlar geçirildi.

Maslahatlarda nygtalyşy ýaly, şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda ykdysadyýetiň pudaklarynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, öndürilen önümiň umumy möçberiniň 5,2 göterim ýokary bolmagyna garaşylýar. 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek haryt dolanyşygynyň möçberi 17,5 göterim artar.

Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň 113,9, çykdajy böleginiň 97,4 göterim ýerine ýetirilmegine garaşylýar. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ortaça zähmet haky 10,5 göterim ýokary bolar. Deslapky maglumatlara görä, hasabat döwründe maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlarynyň möçberiniň ýyllyk meýilnamasynyň 36,2 göterim ýerine ýetirilmegine garaşylýar.

Mälim bolşy ýaly, mejlisiň barşynda Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň depginleri barada hem hasabat berildi. Bu maksatnamanyň çäklerinde ýylyň başyndan bäri durmuş-medeni maksatly suw arassalaýjy desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy alnyp barylýar.

Döwlet Baştutany mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň durmuşynda uly ähmiýete eýe bolan şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyny mynasyp garşylamaga hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmegiň wajypdygyny hem belledi.

Milletiň Lideriniň tabşyryklaryndan ugur alyp, ministrliklerde we pudak edaralarynda geçirilen maslahatlaryň barşynda ýurdumyzyň ösüşiniň häzirki ýagdaýy, geljekki mümkinçilikleri, öňde goýlan wezipeleri amal etmegiň ýollary barada giňişleýin pikir alşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň