Türkmenistanyň Prezidenti Balkan welaýatyna iş saparyny tamamlady

23:5001.08.2021
0
17757

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny tamamlap, Aşgabada gaýdyp geldi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Paýtagtyň halkara howa menzilinde milletiň Liderini resmi adamlar garşyladylar.

Döwlet Baştutanynyň Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Awazada Hökümetiň göçme mejlisini geçirendigini, agtyklary bilen Hazar deňzinde gezelenç edendigini, bu ýerdäki köpugurly sport toplumyna barandygyny we Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn hataryna täze gelip gowşan harby uçary synagdan geçirendigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň