Arhiw

Aşgabatdaky meşhur haryt-nyşanly egin-eşik dükanlarynyň yglan eden ýaryşy tamamlanýar

16:2301.08.2021
0
2564
Aşgabatdaky meşhur haryt-nyşanly egin-eşik dükanlarynyň yglan eden ýaryşy tamamlanýar

1-nji awgustda paýtagtymyzdaky «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezinde ýerleşýän dünýä belli haryt-nyşanly egin-eşikleriň dükanlary tarapyndan yglan edilen ýaryş tamamlanar. Ýaryşyň ýeňijileri awgust aýynyň başynda sylaglanar.

Bilşimiz ýaly, bu ýaryşy mukaddes Gurban baýramy mynasybetli Ramsey, Mavi, Altyn Yildiz, Koton, Koton Kids ýaly haryt-nyşanly dükanlar bilelikde guraýarlar. Ýaryşyň maksady marketingi we söwda işlerini ösdürmek bilen baglydyr. Ýaryş ýönekeý şertden ybarat bolup, oňa gatnaşyjylardan Türkmenistanyň çäginde marketingi hem-de söwdany döwrebaplaşdyrmak bilen bagly pikirleri teswir görnüşinde beýan etmek talap edildi. Ýaryşa islendik ýaşdaky adamlar gatnaşdylar.

Ýaryşyň barşynda oňa gatnaşyjylaryň ýazan teswirleriniň iň gowularynyň üçüsi baýrakly orunlara mynasyp bolarlar. Ýeňijileriň birinji ornunyň esasy baýragy smartfon hem-de 2000 manat möçberde kupon bolar. Ikinji orna mynasyp bolan ýeňijä smartfon bilen bilelikde 1500 manatlyk, üçünji orny eýeläne bolsa smartfon we 1000 manatlyk kupon gowşurylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň