Soňky habarlar

Arhiw

Şwesiýa soňky günler ýokançdan ýitgisiz çykmagy başarýar

14:3331.07.2021
0
1751

Şwesiýa 14-nji iýundan bäri ilatyň arasynda koronawirus ýokanjy bilen kesellänleriň ählisini bejermegiň hötdesinden geldi, ýagny kesel zerarly heläk bolanlaryň biri hem hasaba alynmady.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň hasabatyna görä, Patyşalykda 14-nji iýundan bäri ýekeje-de keseliň pidasy bolan hasaba alynmady.

Ählumumy sanjymyň barşynda bu ýurtda 10 million adama, ýagny ilatyň 50 göterimine sanjym edilmegi bu üstünligiň sebäbi boldy, ýurtda soňky günlerde her günde 400-600 aralygynda kesele ýoluganlaryň hasaba alynýandygyna garamazdan, betbagtçylykly hadysalar ýok.

Şwesiýanyň hökümeti iýundan 31-nji awgusta çenli Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryndan sanjym almadyklar üçin öz çägine gelmäge gadaganlyk girizdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň