Angliýaly talyp gark bolanlary gözleýän enjam döretdi

14:1031.07.2021
0
3530

Lafboro uniwersitetiniň talyby Dominik Lezerlend gark bolan adamlary gözlemek we halas etmek üçin özboluşly enjam döretdi. SERVITA diýlip atlandyrylýan ykjam enjam uçarmansyz uçar görnüşinde bolup, ol howply suwlaryň üstünden uçurylýafr. Gark bolan adamlary ýüze çykarylanda, ol maglumaty dessine kenara ugradýar.

Enjam suw bilen baglanyşykda öz-özünden çişýär we munuň netijesinde adam halas ediş toparyna arkaýyn garaşyp biler ― diýip «ferra.ru» habar berýär. Enjam başga mümkinçilikler bilen hem üpjün edilendir.

Oýlap tapyjynyň pikiriçe, SERVITA «suwda kynçylyk çekýän adamlara tiz goldaw bermek üçin kenarýaka halas edijileri we gyssagly kömek gulluklary» tarapyndan ulanylyp bilner.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň