Ýaponiýadaky şaly meýdanynda Tokio ― 2020 şöhlelendirildi

14:0831.07.2021
0
3256

Ýaponiýanyň Saitama sebitiniň Gýoda şäherindäki şaly meýdanlaryna Tokio ― 2020 Olimpiýa oýunlaryna bagyşlanan suratlar çekildi.

«Euronews»-yň habaryna görä, suratlar ýapon halkynyň ukiyo-e we kabukiniň ýapon medeniýetleriniň nusgasyndadyr.

Ýurda gelýän syýahatçylaryň ünsüni çekmek üçin şaly meýdanlaryny dürli suratlar bilen bezemek pikir gözbaşyny 1993-nji ýyldan ― Aomori sebitindäki başlangyçdan alyp gaýdýar.

Munuň üçin her ýylky ekişden ozal ýerleşdiriljek surat barada karara gelinýär we ekiş şol surata görä geçirilýär. Bu üýtgeşik suratlary döretmek üçin şalynyň dürli görnüşleri saýlanyp alynýar. Hasyl boý alansoň, suratyň üsti hem assa-ýuwaşdan gömülýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň