Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen alymlary suwdan tygşytly peýdalanmak boýunça innowasion tehnologiýalary döretdiler

13:1031.07.2021
0
2167

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlary bilen tassyklanan «Türkmenistanda innowasiýa işini ösdürmegiň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň», «Türkmenistanda ylmy barlaglaryň we innowasiýa tehnologiýalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň 2017 — 2021-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» çäginde «Ýeri we suwy tygşytly peýdalanmak, suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, duza çydamly ekinleri ösdürip ýetişdirmek arkaly şorlaşan ýerleri özleşdirmek boýunça täze tehnologiýalary işläp düzmek we degişli teklipleri taýýarlamak» atly meýilnama boýunça türkmen alymlary tarapyndan ylmy-barlag işleri ýerine ýetirilip, önümçilik ähmiýetli innowasion tehnologiýalar döredildi.Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary tarapyndan oba hojalyk ugurly ylmy-barlag işleriniň toplumlaýyn alnyp barylmagy bilen anyk netijeler gazanyldy. Güýçli şorlaşan ýerleriň topragyny duzsuzlandyrmak, gurplandyrmak arkaly, olary gaýtadan ekin dolanyşygyna girizmegiň biologiki usuly döredildi.

Miweli baglaryň nahallaryny şorlaşan toprakly ýerlerde-de ösdürip ýetişdirmegiň ýerasty usulynyň suw tygşytlaýjy täze tehnologiýasyny we injir bagynyň nahalyny kökletmegiň biologik usulyny döretdi we olary önümçilige ornaşdyrmak barada teklipler taýýarlanyldy.

Akademiýanyň alymlary tarapyndan dürli şertli suwarymly ekin ýerlerinde gowaçany, bugdaýy, miweli baglary suwarmagyň iň amatly tehnikasyny we tehnologiýasyny döretmek boýunça ýerine ýetirilen ylmy-barlag işleriň netijeleri esasynda, önümçilik ähmiýetli suw tygşytlaýjy innowasion tehnologiýalar we usullar döredildi we bu babatda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugyndan patentler alyndy. Şunda suw tygşytlaýjy «Ýapgytly şorlaşan toprakda gowaçany suwarmagyň keş usulynyň innowasion tehnologiýasy» döredilip ony önümçilige ornaşdyrmak teklip edildi.

Bu innowasion tehnologiýanyň tehniki çözgüdi şeýle yzygiderlikde ýerine ýetirilýär: ekiş möwsüminde gowaçanyň tohum çigidi tekiz meýdana ekilýär. Gowaçanyň birinji ösüş suwy adaty tehnologiýa bilen keşler arkaly tutulýar. Gowaçanyň birinji hatarara bejergisi hem adaty agrotehniki kada laýyklykda amala aşyrylýar. Gowaçanyň ikinji ösüş suwunda bolsa gerşiň topragy suwaryş keşiň içine agdarylýar we täze geriş döredilýär. Şeýlelikde, täze döredilen iki gerşiň ortasynda gowaça hatary ýerleşýän suwaryş keşi emele getirilýär. Onuň ikinji ösüş suwy täze döredilen suwaryş keşlerde geçirilýär. Gowaçanyň ikinji ösüş suwunyň akymy, ekin ýeriň ýapgytlygyna görä, täze döredilen suwaryş keşler boýunça sazlanyp goýberilýär. Suwaryş wagtynda suw akymy gowaçanyň hatararasy boýunça hereket edýär. Netijede, gowaçanyň köküniň ýaýran topragynyň gatlagy, keşiň uzynlygyna görä, tiz we iň ýokary derejä çenli endigan yzgarlanýar. Çünki suwuň 84 göterim möçberi gowaçanyň köküniň ýerleşýän topragynyň gatlagyna siňdirilýär. Şeýdibem, siňen yzgaryň hereketi şol gatlakdan zyýanly duzlary gysyp çykarýar. Has takygy, gowaçanyň köküniň ýaýran topragy duzdan arassalanýar we duzuň gowaça edýän ýaramaz täsiri aradan aýrylýar.

Bu innowasion tehnologiýany önümçilikde ulanmagyň ýene bir ähmiýeti suwaryş wagtynda topragyň hasaplaýyş gatlagynyň iň ýokary derejä çenli yzgarlanmagy netijesinde, gowaçanyň zyýanberijisi — sowkanyň ýaşamagy üçin örän ýaramaz şert döredilmegindedir. Gowaçanyň ikinji ösüş suwy tamamlanandan soňra, öňki suwaryş keşiň içinde döredilen gerşiň topragynyň taba gelmegi bilen, toprak gaýtadan gowaçanyň hataryna tarap tommuklanýar we deslapky suwaryş keşiň görnüşi emele getirilýär. Gowaçanyň köküniň üstüne topragyň tommuklanmagy netijesinde, onuň hasaplaýyş gatlagyna siňen yzgaryň uzak wagtlap saklanmagy üçin diýseň amatly şert döredilýär. Şeýdibem, gowaçanyň köki iki ösüş suwuň arasynda topraga siňen yzgardan dowamly, netijeli peýdalanýar. Şeýle hem topragyň üstünden bugarýan yzgaryň möçberi iň soňky derejä çenli kemelýär. Munda ýene bir bähbit: gowaçanyň hatarara bejergisinde gerşiň topragynyň iki tarapa agdarylmagy netijesinde, gowaça zyýanberijiler we haşal otlar fiziki taýdan hem ýok edilýär. Gerşi ýykmak üçin ýörite kämilleşdirilen toprak agdaryjy gural ulanylýar. Ekin ýeriň topragynyň mehaniki düzümine baglylykda, iki ösüş suwunyň dowamlylygynyň 18 — 20 gün bolýandygy kesgitlenildi. Gowaçany mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem ýeňilleşdirildi, olary gowaçanyň köküniň üstünden bermek mümkinçiligi döredildi.

Geçirilen meýdan tejribesiniň esasynda, gowaçanyň ösüş suwunyň 84 göterime çenli peýdalanylýandygy we keşiň uzynlygyna topragyň endigan yzgarlanmak derejesiniň bolsa 87 göterime ýetýändigi hem-de gowaçanyň hasyllylygynyň gektaryna 33 sentnere çenli ýokarlanýandygy anyklanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň