Soňky habarlar

Arhiw

«Gerekli» onlaýn dükany «Back to school» aksiýasyny yglan edýär

14:4130.07.2021
0
6328

Täze okuw ýylynyň başlamagynyň öňüsyrasynda «Gerekli» onlaýn söwda meýdançasy «Back to school» («Mekdebe gaýdyp gelmek») aksiýasyny yglan edendigini habar berdi.

Aksiýanyň şertine görä, «Erich Krause» kompaniýasyndan 150 sany ruçka satyn alanyňyzda, bu kompaniýanyň goştorba görnüşindäki sowgadyna eýe bolarsyňyz.

«Gerekli» onlaýn dükany, ata-eneler üçin peýdaly harytlarynyň hilini kepillendirýär, sebäbi satyn alnan önüme bolan ynam uzak möhletli, amatly we ýakymly ulanylmagyny üpjün edýär.

«Gerekli» onlaýn söwda meýdançasynyň «Back to school» («Mekdebe gaýdyp gelmek») aksiýasy, şeýle hem arzanladyşlary we beýleki aksiýalary barada has giňişleýin maglumaty «Gerekli» web sahypasyndan tapyp bilersiňiz.

«Gerekli» onlaýn dükany 100-den gowrak markanyň önümlerini hödürleýär. Gipermarket, zerur zatlaryň hemmesini satmakdan başga-da, ýokary kepillik we ýokary hilli hyzmat berýär.

«Gerekli» onlaýn platformasy sargyt edilen önümleri Türkmenistanyň islendik ýerine tiz eltip berýär. Bu internet dükany dürli önümleriň köp görnüşliligini yzygiderli giňeldip, özüniň iş netijeliligini ýokarlandyrýar we üstünlikli işlemek üçin mümkinçilikler açýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň