Soňky habarlar

Arhiw

Koronawirusyň dördünji tolkuny Ýakyn Gündogarda we Demirgazyk Afrikada peýda boldy

13:4430.07.2021
0
1105

Koronawirusyň "Delta" ştammy ýakyn Gündogarda we Demirgazyk Afrikada ýokanç keselleriň sanynyň köpelmegine sebäp boldy. Dünýäniň bu böleginde koronawirus ýokanç keseliniň dördünji tolkuny synlanýar. Bu barada Günbatar metbugaty Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) Gündogar Ortaýer deňiz sebit býurosyna salgylanyp habar berdi.

BSGG-niň Gündogar Ortaýer deňiz sebit býurosynyň müdiri Ahmed al-Mandhari hassahana kabul edilen täze hassalaryň köpüsiniň sanjym edilmändigini aýtdy: Şeýle hem ol: "Häzirki wagtda sebitde COVID-19 ýokunç keseliniň dördünji tolkunyna şaýat bolýarys" - diýip belledi.

Koronowirus ýokanç keseliniň "Delta" ştammy häzirki wagtda Marokkodan Pakistana çenli sebitdäki 22 ýurduň 15-sinde hasaba alyndy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň