Soňky habarlar

Arhiw

“Marvelde” aziýa asylly gahryman peýda bolar

13:3130.07.2021
0
764

Komiksler boýunça aňrybaş ukyply gahrymanlar barada filmleri surata düşürýän “Marvel” kinostudiýasynyň täze filminde aziýa asylly gaýduwsyz gahryman peýda bolar. “Şang-Çi we on ýüzügiň rowaýaty” diýlip at berlen filmde baş keşbi kanadaly aktýor Simu Lýu janlandyrar.

Fimde Simu Lýudan başga-da aziýa gelip çykyşy bolan meşhur aktýorlaryň birnäçesi surata düşer, olaryň arasynda Toni Lun, Akwafina, Mişel Ýo, Fala Çen we beýlekiler bar.

Filmi şu ýylyň 3-nji sentýabrynda kinoteatrlarda görkezip başlamak meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň