Soňky habarlar

Arhiw

Fransiýanyň Nissa şäheri ÝUNESKO-nyň sanawyna girizildi

11:5330.07.2021
0
1261

ÝUNESKO halkara guramasynyň Geňeşi Fransiýanyň gadymy Nissa şäherini dünýäniň medeni mirasynyň sanawyna girizdi, bu barada guramanyň saýtynda habar berildi.

Habarnamada Fransiýanyň Riwýera welaýatynyň Nissa gyşky şypahanasynyň dünýä sanawynda orun alandygy aýdylýar, şunlukda bu şäher Fransiýanyň abraýly sanawdan orun berlen 40-dan gowrak ýeriniň üstüni ýetirdi, olaryň hatarynda Pariždäki Sena derýasynyň kenarlary, Mon-Sen-Mişel hem-de Luara jülgesi bar.

Ilaty bir milliondan geçýän Nissa şäheri bu ýurtda ululygy boýunça bäşinji orunda durýar, ol her ýyl jahankeşdeleriň millionlarçasynyň barýan meşhur ýeridir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň