Soňky habarlar

Arhiw

«Gülüň owadan!» atly bäsleşigiň döwlet tapgyry geçirildi

10:4730.07.2021
0
6613

Aşgabatdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna hem-de «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna bagyşlanyp, türkmen öýleriniň bezegi hasaplanylýan, geçmişde ene-mamalarymyzyň zehin-ylhamyndan, yhlasly zähmetinden dörän milli gymmatlygymyz bolan keçäniň dürli nusgalarynyň taýýarlanyş usullaryny açyp görkezmek, nesillerde asylly gylyk-häsiýetleri terbiýelemek, el hünärlerine bolan söýgini artdyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň çeper elli zenanlarynyň arasynda yglan edilen «Gülüň owadan!» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Döwlet derejesinde geçirilýän bäsleşik mynasybetli, bu ýere Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzalarydyr köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri-de ýygnandylar.

Onuň birinji şertine laýyklykda, bellenilen bäş minudyň dowamynda çeper elli zenanlar ýüň saýlap almak, ony saýmak, daramak, boýamak, keçäniň gamşyny çykamak ýaly, bu senet bilen baglanyşykly işleriň haýsam bolsa birini ýerine ýetirip görkezmek hem-de munuň üçin zerur bolan gurallar, olaryň ulanylyşy barada gürrüň bermek boýunça özara bäsleşdiler.

Bäsleşige gatnaşan toparlaryň agzalary ikinji şert boýunça «ak tüýnük», «gyzyl tüýnük», «gözenek», «saýlan», «gülýaýdy», «sekiz goçak», «gelinbarmak», «gapyrga», «öküz oňurga», «hindi goçak», «içýanagyz», «tazyguýruk», «barmak» diýlip atlandyrylýan gadymy milli nagyşlary hem-de beýleki gülleri salyp, keçe güllemekde özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Şunda 20 — 25 minut wagtyň dowamynda taýýarlanylmaly keçäniň boýunyň bir ýarym, ininiň hem bir metr bolmalydygy kesgitlenildi.

Üçünji şerte görä, çeper elli zenanlar ene-mamalarymyzyň gözbaşyny gadymdan alyp gaýdan gözellik sungatynyň ajaýyp önümi — keçe bilen baglanyşykly taryhy maglumatlary, yrymlary, onuň nagyşlarydyr gülleriniň döreýşi baradaky rowaýatlary, şeýle-de degişmelerdir gazallary, aýdyşyklary aýtmak, parahat döwrümiz, bagtyýar ýaşaýşymyz babatdaky ýürek buýsançlaryny şahyrana setirleriň, çeper sahnalaryň üsti bilen beýan etmek boýunça bäsleşdiler. Eminler bu şerti ýerine ýetirmek üçin hem bäsleşige gatnaşyjy toparlaryň her birine bäş minut wagt berdiler.

Çäräniň geçirilýän ýerinde çeper el işleriniň, sungat eserleriniň sergisi-de guraldy. Bäsleşigiň jemleri boýunça eminler toparynyň agzalarynyň gelen netijesine laýyklykda, ýurdumyzyň welaýatlaryna hem-de paýtagtymyza wekilçilik edýän, her biri iki adamdan ybarat toparlaryň arasyndan Mary welaýatynyň topary — Ýolöten etrabynyň Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň gurnak ýolbaşçysy Aýjahan Angalowa hem-de Garagum etrabynyň merkezi kitaphanasynyň Şatlyk geňeşligindäki 2-nji şahamçasynyň kitaphanaçysy Enejan Kadyrowa baş baýraga mynasyp boldy. Aşgabat şäheriniň hem-de Balkan welaýatynyň toparlary 1-nji orny eýelediler. Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň toparlary 2-nji, Ahal welaýatynyň topary bolsa 3-nji orna mynasyp boldular. Olara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan taýýarlanylan Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň