Soňky habarlar

Arhiw

Gazagystan kriptowalýutanyň täze «paýtagtyna» öwrülýär

16:5329.07.2021
0
8510

Hytaýyň kriptowalýutany gadagan etmeginden soňra Gazagystan pul dolanyşygynyň bu täze görnüşiniň «paýtagtyna» öwrülip barýar.

«Ferra.ru»-nyň «Datacentremagazine» portalyna salgylanyp habar berşi ýaly, Astana şäherinde halkara maliýe merkezi hasaba alyndy. Bu merkez ýakyn wagtda kriptografik walýutalaryň kanuny satyn alynmagyny üpjün etjek ýerli banklara birikdiriler.

Şeýlelikde, Gazagystan heşreýtindäki paýyny 4 göterimden 7 göterime galdyrdy. Kriptowalýutaçylaryň Gazagystana göçüş etmeginiň sebäbi hökmündee Hökümetiň goldawy we elektrik energiýasynyň bahasynyň arzanlygy görkezilýär.

Neşiriň habaryna görä, döwlet kriptografik walýuta arkaly pul gazanmagy meýilleşdirýär. 2022-nji ýyldan başlap bolsa kriptowalýutaçylara döwlet ýeňillikleri berler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň