Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsullyk edarasy raýatlaryň pasportlarynyň möhletini uzaldyp başlady

12:0029.07.2021
0
22649

Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsullygy şol sebitlerde ýaşaýan raýatlarymyzyň pasportlarynyň möhletiniň uzaldylyp başlanandygyny resmi web saýtynda habar berdi.

Bu çäre Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň 1-nji iýulynda gol çeken Kararyna laýyklykda geçirilýär. Onuň dowamynda Türkmenistanyň raýatlarynyň Tatarystan Respublikasyndaky rugsadynyň möhleti 2022-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli uzaldylar.

Munuň üçin Türkmenistanyň raýatlary ilki bilen aşakdaky resminamalary Baş konsullygyň tkm.genconsul.kazan@gmail.com elektron poçtasyna ibermeli:

  • Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsulynyň adyna arza;
  • Daşary ýurt pasportynyň göçürmesi;
  • Elektron we çap edilen görnüşde 3x4 ölçegdäki bir surat;
  • «Microsoft Word» görnüşindäki sowalnamany doldurmaly.

Türkmenistanyň Baş konsullygy, ýokardaky resminamalary alandan soň, raýatlara daşary ýurt pasportlarynyň uzaldylmagy barada bellik etdirip boljak wagtlary barada elektron poçta arkaly maglumat iberer. Baş konsullyga baranda raýatlaryň ýanynda daşary ýurt pasportynyň asyl nusgasy we göçürmesi hem-de 3 × 4 ululykdaky bir suraty bolmaly.

Daşary ýurt pasportynyň möhletiniň uzaldylmagy baradaky bellik mugt ýerine ýetirilýär. Konsullyk edarasynyň salgysy: Sibir zolagy, 6-njy jaý.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň