Soňky habarlar

Arhiw

BSSG elektron çilimleriň ýaýramagyny gadagan etmek isleginiň bardygyny beýan etdi

19:0228.07.2021
0
1323

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy, elektron çilimleriň ýaýramagyny çäklendirmek üçin, diýseň uly çäreler görýär. Şol sanda bu önümleri öndürijileri elektron çilimleriň gaplarynyň ýüzüne onuň ynsan saglygyna ýetirýän zyýanlary barada duýduryş ýazmaga mejbur edýär.

BSSG elektron çilimleri ulanýan çagalaryň geljekde temmäki önümlerini üç esse köp sarp etmeginden howatyrlanýar. Hut şu nukdaýnazardan-da, bu gurama hökümetleriň adaty çilimlere garşy ulanýan göreş çärelerini elektron çilimler babatda hem ulanmaklaryny isleýär.

BSSG-niň resmi web sahypasynyň habaryna görä, 32 ýurt elektron çilimleriniň satylmagyny gadagan edipdir. Ýene 79 ýurt bolsa, bu önümleriň köpçülik ýerlerinde ulanylmagyny, mahabatyny we hemaýatkärligini gadagan edipdir, şeýle hem elektron çilimleri öndürijilerden bu önümleriň gaplarynyň ýüzüne onuň ynsan saglygyna ýetirýän zyýanlary baradaky duýduryşlary ýazmagy talap edipdir.

BSSG-niň resmi web sahypasynyň habaryna görä, dünýä boýunça 84 ýurtda bolsa elektron çilimlere garşy çäklendirmeler we talaplar hiç hili girizilmedi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň