Soňky habarlar

Arhiw

Hytaý Henan welaýatynyň durkuny täzelemek üçin 463 million dollar bölüp berdi

18:5828.07.2021
0
1048

Hytaý hökümeti suw joşguny zerarly weýran bolan Henan welaýatyny täzeden gurmak üçin 3 milliard ýuan (463 million dollar) möçberinde pul serişdesini bölüp berdi. Bu barada trendnews web sahypasy Hytaý Halk Respublikasynyň Maliýe ministrliginiň beren beýanyna esaslanyp, habar berdi.

Hytaý Halk Respublikasynyň Maliýe ministrligi ýurduň Henan welaýatynyň ýolbaşçylaryny bölünip berlen serişdeleri öz wagtynda ulanmaga we tebigy betbagtçylygyň netijelerini ýok etmek üçin ýokary hilli işleri geçirmäge çagyrdy.

Henan welaýatynda bolan suw joşgunynda 71 adam ýogaldy. Olaryň käbiri Çjençjou şäherindäki metro we awtoulag tunellerini suw basanda ýogaldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň