Soňky habarlar

Arhiw

Ýaponiýada tupan sebäpli 22 sany içerki howa gatnawy ýatyryldy

18:5428.07.2021
0
720

Ýaponiýanyň demirgazyk-gündogar kenaryna ýeten Nepartak tupany sebäpli, şu gün irden bu ýurtda 22 sany içerki howa gatnawy ýatyryldy. Bu barada TASS Sendaý howa menziliniň (Miýagi prefekturasy) web sahypasynyň täzeliklerine esaslanyp habar berdi.

Ýaponiýanyň Milli meteorologiýa guramasynyň habaryna görä, tropiki tupan ýurduň Miýagi prefekturasyna tarap ilkinji gezek geçýär. Tüweleýiň merkezindäki ýeliň tizligi sekuntda 30 metre ýetýär.

Çaklamalara görä, bir günüň dowamynda ýurduň demirgazyk-gündogar sebitlerinde takmynan 100 mm ýagyş ýagdy. Şol seläpli hem, derýalarda we suw howdanlarynda suw joşguny töwekgelçiligi bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň