Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow Saud Arabystanynyň ýolbaşçylaryny Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy

23:0127.07.2021
0
2254
Berdimuhamedow Saud Arabystanynyň ýolbaşçylaryny Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystanynyň Patyşasyna hem-de Mirasdüşer Şazadasyna özleri üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmek baradaky çakylygyny aýtdy. Bu barada milletiň Lideri dostlukly döwletiň Türkmenistandaky täze ilçisi Said Osman Ahmed Suweýdä mälim etdi.

Taraplaryň ylalaşmagy boýunça saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.

Ilçi bilen geçirilen gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň maýynda Saud Arabystany Patyşalygyna bolan resmi saparynyň çäklerinde gazanylan möhüm ylalaşyklaryň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň