Soňky habarlar

Arhiw

Saud Arabystany Patyşalygy 10-njy awgustdan Umra zyýaratyna rugsat berer

12:1728.07.2021
0
611
Saud Arabystany Patyşalygy 10-njy awgustdan Umra zyýaratyna rugsat berer

Saud Arabystany Patyşalygy ýekşenbe güni, Haj möwsüminden soň, 2021-nji ýylyň 10-njy awgustyndan başlap bütin dünýädäki musulmanlar üçin Umra zyýaratyna rugsat berjekdigini mälim etdi. Bu barada "Siasat Daily" SaudArabystany patyşalygynyň metbugat gullugynynyň täzeliklerine (SPA) salgylanyp, habar berdi.

Saud Arabystany Patyşalygy Hindistan, Päkistan, Indoneziýa, Müsür, Türkiýe, Argentina, Braziliýa, Günorta Afrika we Liwan ýaly dokuz ýurtdan başga ähli ýurtlaryň raýatlaryna umra zyýaratyny elýeterli etdi.

Zyýaratçylar, Saud Arabystany Patyşalygyna gelmezden ozal üçünji ýurtda 14 günlük karantinden geçmeli bolarlar.

Umra zyýaratyna gelýänler 18 ýaşly ýa-da ondan uly bolmaly we Pfizer, Moderna, AstraZeneca ýa-da J&J sanjymlary bilen COVID-19-a garşy doly sanjym edilen bolmaly.

Umra zyýaratyna geljekler hytaý sanjymlary sanjym edilen bolsa-da, olar Pfizer, Moderna, AstraZeneca ýa-da J&J sanjymlarynyň ýekeje dozasy bilen hem sanjym edilmelidir.

Zyýaratçylar Saud Arabystany Patyşalygyna ýurduň Haj we Umra ministrligi tarapyndan akkreditlenen Umra agentliginiň üsti bilen gelmeli.

Maglumatlara görä, 2021-nji ýyldaky Haj möwsümi daşary ýurtly zyýaratçylarsyz geçdi. Umra möwsümi, pandemiýa başlaly bäri 2020-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri diňe Saud Arabystanynyň raýatlary we ýurtdaky daşary ýurtlular üçin açyk boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň