Günorta Afrikada howa 9 gradus sowady

22:5227.07.2021
0
1783

Günorta Afrika Respublikasynda howa üýtgeşmeleri hasaba alyndy, ýagny ýurtda ýarym asyrdan soň ilkinji gar ýagdy, käbir etraplarda bolsa, aýazly howa bellige alyndy. Bu barada UNN habarlar gullugy ýazýar.

Metereologlar howanyň derejesiniň ýene aşaklajakdygyny duýdurýarlar. Mysal üçin, ýurduň Kimberli şäherinde we onuň eteklerinde 9,9 derejede aýazly howa höküm sürýär.

Ýohannesburgda howa 7 dereje sowuk. Öň 1995-nji ýylyň 19-njy iýulynda bu ýerde 6,3 derejede aýazly howa hasaba alnypdy.

GAR-da köp ýyllardyr ilkinji gezek gar ýagandygy zerarly, ýollar sürçek bolup, olary ýapmaly boldy.

Howanyň bu adaty bolmadyk ýagdaýy bir hepdeläp dowam eder diýlip garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň