«Nepartak» taýfuny Ýaponiýanyň demirgazyk-günbataryna ýakynlaşdy

19:5627.07.2021
0
1129

Ýuwaş ummanda emele gelen we häzirki wagtda Ýaponiýanyň esasy bölegine tarap barýan «Nepartak» taýfuny (taýfun - Ýuwaş ummanynyň günbatar böleginde bolýan güýçli tupan, harasat) şu gün irden Honsýu adasynyň demirgazyk-günbatar bölegine ýakynlaşdy. Trednews agentliginiň täzeliklerine görä, bu barada Ýaponiýanyň Milli meteorologiýa gullugy habar berdi.

Çaklamalara görä, Ýaponiýanyň demirgazyk-gündogarynda 200 mm, paýtagt sebitinde bolsa 100 mm çenli ýagyş ýagdy. Taýfunyň merkezi böleginde ýeliň tizligi 30 m/s ýetýär we Honsýu adasyna baranda 35 m/s çenli ýokarlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň