Soňky habarlar

Arhiw

Iş maslahatynda Türkmenistanyň Prezidentine ýörite kartalar arkaly ýerlerde alnyp barylýan oba hojalyk işleri barada hasabatlar berildi

23:2026.07.2021
0
6175

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary hem-de welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar. Iş maslahatynda gowaçanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek bilen bagly möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramyna görülýän taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Iş maslahatynda welaýat häkimleri etraplarynyň ýerleşişini görkezýän karta boýunça gowaça, bugdaý we beýleki oba hojalyk ekinleriniň meýdanlary barada maglumat berdiler.

Şeýle hem olar Türkmenistanyň Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramyna hemmetaraplaýyn taýýarlygyň çäklerinde ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýetli şanly senäni mynasyp garşylamak we guramaçylykly geçirmek boýunça zerur işleriň alnyp barylýandygyny aýtdylar.

Döwlet Baştutany ekerançylyk meýdanlary barada maglumat berýän kartalar bilen tanşyp, gowaçanyň ýokary hasylyny ýetişdirmek ugrunda ekin meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, öz wagtynda geçirilmelidigine ünsi çekdi. Şeýle hem milletiň Lideri welaýatlaryň biokärhanalarynyň netijeli işini ýola goýmak babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Daşoguz welaýatynda iş saparynda bolýan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gowaça meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleri, pagta ýygymy möwsümine görülýän taýýarlygyň derejesi, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişini bellenilen möhletlerde we ýokary hilli geçirmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan çäreler barada hasabat berdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, obasenagat toplumynda möhüm möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki kadalara laýyk derejede geçirilmeginiň wajypdygyny belläp, pudaga häzirki zamanyň ösen tejribesiniň, ylmyň ýokary gazananlarynyň ornaşdyrylmagy, önüm öndürijiler üçin zerur şertleriň döredilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň berk gözegçilikde saklanylmalydygyna ünsi çekdi.

Şu ýyl ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, bugdaýy, gowaçany, gök hem bakja ekinlerini, ir-iýmişleri ösdürip ýetişdirmek, maldarçylykdan alynýan önümleriň mukdaryny artdyrmak bilen baglanyşykly meseleler berk gözegçilikde saklanylmalydyr diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi hem-de bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň