Berdimuhamedow Mirziýoýewi doglan güni bilen gutlady

23:0025.07.2021
0
461

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Milletiň Lideri goňşy döwletiň Baştutanyny doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa berk jan saglyk, abadançylyk hem-de jogapkärli wezipesinde özbek halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Şawkat Mirziýoýewiň ýolbaşçylygynda ähli ulgamlarda ösüşiň ýoly bilen ynamly gadam urýandygyny we dünýä giňişliginde öz abraýyny pugtalandyrýandygyny belledi.

Prezident Şawkat Mirziýoýew gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, häzirki döwürde özara gatnaşyklaryň ähli ugurlary boýunça täze ösüşe eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi.

Taraplar döwletara gatnaşyklaryň ýeten derejesine ýokary baha berip, gadymdan gelýän dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk arkaly ösdürilýän we doganlyk halklaryň bähbidine laýyk gelýän strategik hyzmatdaşlyga özara ygrarlydyklaryny beýan etdiler.

Döwlet Baştutany ýurdumyzyň oňyn bitaraplyk ýörelgelerine esaslanyp, sebitiň ýurtlary, şol sanda halkara guramalaryň çäklerinde ýola goýulýan özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ähmiýet berýändigini we sebitleýin hem-de sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşykly oňyn başlangyçlary goldaýandygyny aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow öz kärdeşini 16-njy iýulda Daşkent şäherinde guralan “Merkezi we Günorta Aziýa: sebit özara baglanyşygy. Şertler we mümkinçilikler” atly ýokary derejedäki halkara maslahatyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady. Milletiň Lideri forumyň işine Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşandygyny hem-de onuň jemleriniň Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlarynyň arasynda giň hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagy üçin berk binýada öwrüljekdigine ynam bildirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar okgunly ösdürilýän we häzirki döwrüň, sebitiň hem-de dünýäniň ýagdaýyny nazara almak bilen, birek-birege ynanyşmak, hormat goýmak ýörelgelerinde ýola goýulýan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň wajyp ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

Şeýle hem sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri özbek kärdeşini şu ýylyň 6-njy awgustynda Türkmenistanda geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna gatnaşmaga çagyrdy. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, duşuşygyň çäklerinde gyzyklanma bildirilýän hem-de özara bähbitlere we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň talaplaryna gabat gelýän sebitara we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmak üçin oňyn mümkinçilikler dörediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň