Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky «City Business School» topary «Işgärleriň geldi-geçerligi we öňüni almagyň ýollary» mowzugy boýunça işewürleriň ertirlik naharyna gatnaşmaga çagyrýar

15:4826.07.2021
0
11213

29-njy iýulda Türkmenistandaky «City Business School» (Şäher Biznes Mekdebi) topary hemmäni «Işgärleriň geldi-geçerligi we öňüni almagyň ýollary» mowzugy boýunça işewürleriň ertirlik naharyna gatnaşmaga çagyrýar.

Häzirki wagtda telekeçilik bilen meşgullanmagyň ähli ugurlarynda diýen ýaly birnäçe meseleler ýüze çykýar, Işgärleri nädip saklamaly? Nädip höweslendirmeli? Näme üçin işgärleri yzygiderli täzelemeli bolýar? Bu gowymy ýa-da erbetmi?

Meseläniň çynlakaýlygyna garamazdan, köp guramada işgärleri saklamak üçin üýtgeşik maksatnamalar we strategiýalar ýok.

Türkmenistandaky «City Business School» (Şäher Biznes Mekdebi) toparynyň «Işgärleriň geldi-geçerligi we öňüni almagyň ýollary» atly derwaýys mowzugy 29-njy iýulda, sagat 09: 45-de «Terrasa» restoranynda geçiriljek «baglanyşyksyz» ýygnaga bagyşlanar.

  • Ýygnagyň salgysy: Alyşir Nowaýy köçesi, Altyn Zaman binasy, 3-nji gat.
  • Gatnaşmak üçin töleg 200 manat.
  • Telefon arkaly bellige alynmak isleýänlere habarlaşmaklyk üçin telefon belgi: +993 12 46-81-65
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň