«Google» tarapyndan «Android» üçin niýetlenilen ýer titreme ulgamy Filippinlerde heläkçiligiň öňüni aldy

14:5826.07.2021
0
8471

«Google» ýaňy-ýakynda «Android»-iň içindäki ýer titremesi barada duýduryş ulgamyna Filippinlerleri hem ýerleşdirdi. Şol sebäpli ada ilatynyň köpüsine 24-nji iýulda bolup geçen 6.7 ball ululykdaky ýer titremesi barada duýduryş berildi. Ýer titremeleri bir minutdan köp dowam etmedi, şeýle-de bolsa, köpler seýsmiki howp barada habar aldy.

«Google»-yň öz habar beriş ulgamy, adaty telefonlara gurlan akselerometrlere daýanýar. Deslapky zarbalary bellige alynýar, soňra bu enjamlaryň ýerleşiş maglumatlary «Google» serwerlerine iberilýär. Şeýle-de bolsa, olarda şahsy maglumatlar ýok. Barlagdan soň, ýer titremesiniň ähtimallygy barada köpçülikleýin duýduryşlar iberilýär. «Android» enjamlary ýer titremesiniň merkeziniň kartada ýerleşýän ýeri, titremeleriň ähtimal ululygy we bu ýagdaýdan aman sypmagyň ýollary barada maglumatlary alýarlar.

Ýer titremesi barada duýduryşlar esasy titremelerden birnäçe sekunt öň gelýär. «Google» tarapyndan ýola goýlan bu ulgam geçen ýyl ilkinji gezek Kaliforniýada synag edilipdi. «3dnews.ru»-nyň habaryna görä, indiki ýyl onuň global satuwyna garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň