Arhiw

«GNBookstore» kitap dükany her şenbe güni 10 göterim arzanladyş çäresini geçirýär

14:4326.07.2021
0
3074
«GNBookstore» kitap dükany her şenbe güni 10 göterim arzanladyş çäresini geçirýär

Her hepdäniň şenbe güni paýtagtymyz Aşgabatda ýerleşýän «Gujurly nesil» okuw merkeziniň «GNBookstore» kitap dükany ýörite aksiýa çäresini geçirýär: okuw kitaplaryndan başga kitaplaryň ähli görnüşine 10 göterim arzanladyş yglan edýär.

Mundan başga-da, 100 manatdan gowrak kitap söwdasyny eden her bir adama sowgat hökmünde kofe berilýär.

«GNBookstore» kitap dükanynda rus, iňlis we türk dillerinde dürli edebiýatlar hödürlenýär.

«GNBookstore» kitap dükanynyň işgärleri edebiýat köpdürliligini (assortimenti) üpjün etmek maksady bilen, meşhur psihologiýa, okuw gollanmalaryna, ýöriteleşdirilen edebiýatlara, klassik edebiýatlara, çagalar edebiýatlaryna degişli täze kitaplary yzygiderli hödürleýärler.

Kitaplaryň giň toplumyna @gnbookstore Instagram sahypasyndan we gnbookstore.com.tm web sahypasyndan tapyp, onlaýn sargyt edip bilersiňiz.

Eltip berme hyzmaty Türkmenistanyň islendik sebitine 2-3 günüň içinde, Aşgabat şäherine we onuň töwereklerine bolsa, sargyt edilen gününiň dowamynda, gündiz amala aşyrylýar.

  • «GNBookstore» kitap dükanynyň salgysy: Magtymguly şaýoly, «Türkmenistan" (Uniwermag) söwda merkeziniň 1-nji gatyndaky 41-nji dükan.
  • Iş wagty: 9: 00-20: 00.
  • Habarlaşmak üçin telefon: 94-09-14.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň