«Gerekli» onlaýn dükanynda täze iş orny peýda boldy

09:4726.07.2021
0
7437

«Gerekli» onlaýn dükany SMM dolandyryjysy hünäri boýunça boş iş ornunyň bardygyny habar berýär.

«Gerekli» sosial ulgamy — diňleýjiler bilen aragatnaşyk saklamak üçin güýçli gural bolmak bilen, harytlary, hyzmatlary we markalary tanatmagyň ajaýyp usulydyr. Indi bu ugurda SMM dolandyryjysy hünäri (Social Media Marketing — jemgyýetçilik habar beriş serişdeleriniň dolandyryjysy) örän meşhur we talap edilýän kategoriýadyr.

SMM dolandyryjysy hünäriniň wezipesi — sosial ulgamlar bilen işlemäge esaslanýar, şonuň üçin hem bu hünär bar bolan platformalara düşünmekligi, olaryň her haýsynda berilýän mahabatyň aýratynlyklaryny bilmekligi, mahabat bilen işlemekligi we her ýaýlym üçin işleriň netijelerini yzarlamaklygy talap edýär. Şol sebäpli hem, SMM dolandyryjysy iş ornunyna dalaşgärlere «Gerekli» onlaýn dükanynda işlemeklik üçin, şu aşakdaky talaplar bildirilýär:

* SMM dolandyryjysy hünäri boýunça azyndan 2 ýyl iş tejribesi bolmaly;
* Instagramda sahypany ýöretmeklik üçin SMM dolandyryjysy işiniň ähli aýratynlyklaryny
(nýuanslaryny) bilmeli;
* wizual mazmun bilen işlemek ukyby bolmaly;
* Nusgany göçürmek endigi bolmaly:

«Gerekli» onlaýn dükanynyň SMM dolandyryjysy iş ornunyna dalaşgärlik üçin jyns we ýaş tapawudy ýok. Aýlyk söhbetdeşlikden soň kesgitlener.

Gysgajyk şahsy maglumatlaryňyzy gereklitm@gmail.com. elektron salgysyna ibermeli.

«Gerekli», kompaniýanyň işgärlerine özüne çekiji we amatly iş şertlerini, hünär derejäňi ösdürmek üçin oňyn şertleri, gyzykly meseleleri, şahsy kämilleşme üçin ajaýyp mümkinçilikleri, wepaly ýolbaşçylygy, mähirli, dostlukly we döredijilikli atmosferany hödürleýändigini belleýär.

«Gerekli» onlaýn dükanynda häzirki wagtda 1000-den gowrak dürli önüm atlary bar.


Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň