Soňky habarlar

Arhiw

Alymlar çagalara dogry iýmitlenmegi öwretmegiň ýoluny tapdylar

17:5725.07.2021
0
5900

Dogry iýmitlenmek diňe bir saglygy gowulaşdyrmak bilen çäklenmän, bedenimiziň doly we dogry ösmegini hem üpjün edýär. Sagdyn iýmitlenmegiň esaslary çagalykda gurlansoň, alymlar çagalary miwe we gök önümler bilen gyzyklandyrmagyň ýoluny tapdylar. Mysal üçin, Illinoýs uniwersitetiniň alymlary çaganyň dogry iýmitlenmek bilen gyzyklanmagy üçin olaryň naharyň başyndaky wagtyny köpeltmegiň zerurdygyny anykladylar.

Geçirilen barlaglarda çagalara günortanlyk naharyny üýtgetmek üçin 10-dan 20 minuta çenli miwe we gök önümler hödürlendi. Synag wagtynda günortanlyk nahary näçe az bolsa, şonça-da peýdaly iýmit az boldy.

Alymlaryň pikiriçe, bu ýagdaý çagalaryň hemişe birinji nahary iýip, galan wagty başga bir zada sarp etmegi bilen baglanyşykly. «Ferra.ru»-nyň habar bermegine görä, günortanlyk nahary çäkli bolsa, çagalar, adatça, miweleri we gök önümleri az iýýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň