Soňky habarlar

Arhiw

Lebapda gowaça meýdanlaryna bioönümleri goýbermek işi tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär

15:5125.07.2021
0
922

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Lebap welaýaty boýunça ösümlikleri goramak gullugynyň garamagynda häzirki wagtda gündogar sebitde biokärhanalaryň 130-sy işleýär. Olarda ýetişdirilýän bioönümler, esasan, gowaçany dürli zyýankeşlerden goramakda işjeň peýdalanylýar ― diýip, «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Welaýatyň biokärhanalarynda gabrobrakon, altyngözlüje we trihogramma ýaly peýdaly mör-möjekler ýetişdirilýär. Olaryň üçüsi hem gowaça sowkasyny ýok etmekde ähmiýetlidir.

Çärjew etrabynyň «Watan» daýhan birleşigindäki biokärhanada ekiniň kindiwanja dostlarynyň her birini ýetişdirmek üçin aýratyn otaglar niýetlenilipdir ― neşir habar berýär.

― Biziň daýhan birleşigimizde 1144 gektar ýerde gowaça ýetişdirilýär. Şunça gektar ýere biokärhanalarymyzyň ikisi arkaly hyzmat edýäris. Bioönümleri meýdana goýbermek işlerine aprel aýynyň üçünji ongünlüginden başladyk we bu işler üsti ýetirilmeli ýerlerde 1-nji awgusta çenli dowam eder. Bioönümlerimiz tebigy şertlerde hem köpelip, täze gowaçanyň hasyly ýygnalýança, ony dürli zyýankeşlerden goraýar ― diýip, biokärhananyň müdiri, Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň uçurymy Çynar Jumabaýewa gazetiň habarçysyna gürrüň berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň