Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory bilen duşuşdy

13:2825.07.2021
0
5013

Ýaponiýa gulluk iş saparynyň dowamynda wise-premýer Serdar Berdimuhamedow 23-nji iýulda Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito tarapyndan kabul edildi. Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Imperatora we tutuş Ýaponiýanyň halkyna mähirli salamyny, XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň başlanmagy mynasybetli iberen gutlaglaryny, bagt we abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Öz nobatynda, Imperator Naruhito türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysyna ýakymly sözleri üçin minnetdarlygyny bildirdi we Türkmenistanyň Döwlet baştutanyna hem-de ähli halkyna parahatçylyk we gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny beýan etdi. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar özara hereketleriň ähli ugurlary babatynda türkmen-ýapon gatnaşyklaryna ýokary baha berdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň