Soňky habarlar

Arhiw

«Dota 2» boýunça milli ýaryş geçirildi

11:3025.07.2021
0
9053

Türkmenistanyň topary ýakynda kompýuter oýunlarynyň «Dota 2» görnüşi boýunça dünýä çempionatynyň sebitleýin saýlama tapgyryna gatnaşar. Öňde duran ýaryşa iň gowy türgenleri saýlap almak maksady bilen, ýakynda elektron oýunlaryň şu görnüşi boýunça milli ýaryş geçirildi. Ol VIO toparynyň ýeňşi bilen tamamlandy.

Ýaryşyň aýgytlaýjy bölegi BO5 görnüşinde geçirildi. Halkara derejesinde ykrar edilen bu görnüşli ýaryş ýokary netijesini hem berdi.

Milli ýaryşda ýeňijiden daşary hem «Apex» toparyna ýokary baha berildi. Toparyň agzalary aýgytlaýjy oýunda ýeňşi soňky pursatlarda elden gidirdiler.

Şu ýyl VIO toparynyň garaşylmadyk derejede kämil oýny orta goýandygyny aýtmak gerek. Olar ilkinji duşuşykda ýurdumyzyň çempiony «Galkynyş Esports» toparyny ýeňdiler. Soňky tapgyrda «Desperse» topary bilen duşuşan VIO bu gezek aňsatlyk bilen ýeňiş gazandy we finala çykdy.

Berdimyrat Artykow milli ýaryşda iň gowy oýunçy diýlip ykrar edildi. Bu ugurda ikinji orny Ýewgeniý Greçişkin eýeledi. Şeýle hem başga-da käbir oýunçylar dürli ugurlar boýunça ýekelikdäki baýraklara mynasyp boldy.

Şeýlelikde, ýeňiji topar sentýabr aýynda geçiriljek sebitleýin ýaryşa gatnaşmaga hukuk gazandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň