Soňky habarlar

Arhiw

Tokio Olimpiadasy: iki günde 20 medal gowşuryldy

15:5424.07.2021
0
933
Tokio Olimpiadasy: iki günde 20 medal gowşuryldy

Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçirilýän Olimpiýa oýunlarynda ikinji günüň ýaryşlary dowam edýär. Eýýäm ilkinji iki günde, şu habarymyzyň saýtda ýerleşdirilen wagtyna çenli, Tokio Olimpiadasynyň 20 medaly eýelerini tapdy. Olary 18 döwletiň wekilleri eýeledi.

Henize çenli diňe Hytaýyň türgenleri birden artyk medal gazanyp bildiler. Has takygy, olar 3 medal gazandy. Şolaryň hem ikisi altyn medaldyr.

Ýaryş tertibiniň ikinji basgançagynda birbada dört döwletiň wekilleri bar. Olar Ekwadoryň, Eýranyň, Kosowanyň hem-de Koreýa Respublikasynyň wekilleridir. Häzir bu döwletleriň toparlarynyň her haýsy bir altyn medal gazandy.

Dünýäniň iň iri sport baýramçylygynda üçünji orny alty döwletiň wekilleri eýeleýär. Has takygy, Olimpiýa oýunlary ― 2020-niň ilkinji iki gününde Belgiýanyň, Hindistanyň, Ýaponiýanyň, Niderlandlar Patyşalygynyň we Halkara Olimpiýa komitetiniň baýdagynyň astynda çykyş edýän Russiýanyň hasabynda bir kümüş medal bar.

Indoneziýanyň, Gazagystanyň, Meksikanyň, Mongoliýanyň, Sloweniýanyň, Şweýsariýanyň we Ukrainanyň Olimpiýa ýygyndylary bolsa henize çenli bir bürünç medal gazanyp bildiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň