Hindistanda dünýäde iň uly Gün elektrik bekedi gurlar

15:4924.07.2021
0
1261

Hindistanda güýjenmesi 4,75 GWt deň bolan Gün elektrik bekediniň gurluşygyna rugsat berildi. Ol ýurduň dikeldilýän energiýa çeşmeleri Parkynda iň iri taslama bolar. Ol bütin dünýäde hem öz ugrundan iň ulusy bolar. Häzirki wagtda Hindistanyň “Ýaşyl energiýa” parkynyň kuwwatyny 60 GWt ýetirmek meýilleşdirilýär, bu bolsa ilata elektrik energiýasyny has elýeterli etmäge mümkinçilik berer.

Taslamanyň gurluşygy bilen NTPC döwlet energetika kompaniýasy meşgullanar. Ol eýýäm ýurduň degişli ministrlgi tarapyndan tassyklandy. Gün elektrik bekedi ýurduň Tar çölünde gurlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň