Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Hökümet mejlisini geçirdi

22:4423.07.2021
0
2203

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Has takygy, mejlisde:

― Türkmenistanyň BMG-niň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmek boýunça görülýän çäreler;

― Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň hukuk binýadyny berkitmek boýunça ýurdumyzyň kanunçykaryjy edarasynyň alyp barýan işleri;

― awgust aýynda geçiriljek medeni-köpçülikleýin çäreler hem-de “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän şu ýylda guraljak dürli derejedäki forumlarda göz öňünde tutulan çäreler;

― ýurdumyzyň suw hojalyk pudagynda alnyp barylýan işler;

― «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň we Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň meseleleri hakyndaky Kararlaryň taslamalary;

―Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda gysga möhletli okuwlary guramak;

― importyň ýerini tutýan we eksporta niýetlenen harytlaryň önümçiligini ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler;

― «Türkmenistanyň çäginden daşary alnyp gidilende kagyz galyndylaryna hem-de taýýar çap edilýän önümlere gümrük paçlaryny bellemek hakyndaky» Kararyň taslamasy;

― Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň meseleleri boýunça Kararyň taslamasy bilen bagly meselelere seredildi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we pudaklary ösdürmäge gönükdirilen resminamalar kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň