Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow Ulag we kommunikasiýalar agentligi hakyndaky Düzgünnamany tassyklady

22:4423.07.2021
0
3633

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory M.Çakyýew Hökümetiň şu gün geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanyna ýolbaşçylyk edýän edarasynyň meseleleri boýunça Kararyň taslamasy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanynyň tabşyryklaryna laýyklykda, degişli düzümler bilen bilelikde bu resminamanyň hem-de Agentlik hakyndaky düzgünnamanyň we onuň merkezi edarasynyň gurluşynyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça degişli işleriň geçirilendigi bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideriniň garamagyna degişli resminamalaryň taslamalary hödürlenildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda durmuş ugurly ykdysady ulgamyň ýokary depginler bilen ösýändigini nygtady. Bu ulgam eýeçiligiň dürli usullaryna esaslanýar hem-de bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçmegi göz öňünde tutýar. Hojalygy ýöretmegiň netijeli usullaryny işjeň ornaşdyrmagyň, ulag-kommunikasiýa toplumynyň kärhanalaryny dolandyrmak boýunça eýeçiligiň dürli düzümlerini kemala getirmegiň esasynda bu ulgamda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak maksady bilen, degişli işler geçirilýär.

Döwlet Baştutany «Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň meseleleri hakynda» Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly M.Çakyýewe iberdi we bu ugurda bellenen çäreleri durmuşa geçirmek meselelerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Resminama laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi hakyndaky Düzgünnama hem-de agentligiň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy.

Maliýe we ykdysadyýet ministrligine Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri Türkmenistanyň 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetine girizmek tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň