Soňky habarlar

Arhiw

Döwlet gullugy akademiýasynyň ýanynda Milli Geňeşiň agzalary üçin gysga möhletli okuwlar guralar

22:3623.07.2021
0
761

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu gün geçirilen mejlisinde wise-premýer M.Geldinyýazow milletiň Liderine Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda gysga möhletli okuwlary guramak barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanynyň şu ýylyň 8-nji fewralynda ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň meseleleri boýunça sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, degişli teklipler taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda Milli Geňeşiň agzalarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin gysga möhletli okuwlary guramak meýilleşdirilýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwlet gullukçylarynyň etikasyny ýokarlandyrmagyň wajypdygyny nygtady. Olar türkmen halkynyň gadymdan gelýän ruhy-ahlak gymmatlyklaryna, şol sanda birek-birege hormat goýmak däplerine eýerip, özüňi alyp barmagyň ähli kadalaryny berk berjaý etmelidirler.

Milletiň Lideri her bir gullukçynyň watansöýüjilik, halallyk, işe jogapkärçilikli çemeleşmek ýaly häsiýetleri özünde jemlemek bilen, nusgalyk görelde bolmalydygyny belledi we bu ugurdaky işleri gowulandyrmak babatda anyk görkezmeleri berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň