Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň käbir gurluşlarynyň merkezi edaralarynyň düzümi tassyklanyldy

22:3423.07.2021
0
273
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň käbir gurluşlarynyň merkezi edaralarynyň düzümi tassyklanyldy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow Hökümetiň şu gün geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanynyň garamagyna «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň we Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň meseleleri hakyndaky Kararlaryň taslamalaryny hödürledi.

Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda işlenip taýýarlanylan şol resminamalar nebitgaz toplumynyň edaralarynyň düzüminde sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça bölümleriň döredilmegini göz öňünde tutýar.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, nebitgaz senagatyny mundan beýläk-de okgunly ösdürmegiň, ony döwrüň talaplaryna laýyk getirmegiň wezipelerine ünsi çekdi. Pudagyň önümçilik we ylmy-tehniki kuwwatynyň pugtalandyrylmagy ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň önümleriniň dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine mynasyp goşandyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň we Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň meseleleri hakyndaky Kararlara gol çekip, olary sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Resminamalara laýyklykda, agzalan gurluşlaryň merkezi edaralarynyň düzümleri tassyklanyldy.

Şeýle hem Hökümet mejlisinde döwlet Baştutany nebitgaz toplumyny innowasion taýdan ösdürmek boýunça teklipleri işläp taýýarlamagyň hem-de olary durmuşa geçirmegiň pudakda döredilýän täze düzümleriň işiniň esasy ugurlaryna öwrülmelidigine ünsi çekdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň