Soňky habarlar

Arhiw

Marsda ýaşaýyş alamatlary öwreniler

12:2224.07.2021
1
1909

ABŞ-nyň NASA edarasynyň Perseverance atly marsgezeri özüniň esasy işine girişdi, ol bu planetada ýaşaýyş alamatlaryny gözlemek bilen meşgullanar. Bu barada NASA kosmos wekilhanasy habar berdi.

Munuň üçin enjamyň iki metrlik robot goly bar, onda enjamlaryň köp sanlysy oturdylandyr, olaryň iň easasysy bolsa, PIXL litohimiki rentgen seljeriş guralydyr.

Bu “eliň” kömegi bilen marsgezer planetanyň üstündäki dag jynslarynyň düzümini öwrener, enjamda ornaşdyrylan kamera bolsa, onuň düzümindäki mikrop durmuşynyň nyşanlaryny ýüze çykarmaga ukyplydyr.

Perseverance marsgezeri Ingenuity dikuçary arkaly 2021-nji ýylyň 18-nji fewralynda Gyzyl planeta gondurylypdy. Marsgezeriň esasy wezipesi astrobiologiýa, şol sanda planetada ýaşaýşyň alamatlaryny gözlemek bolup durýar, ýagny ol bu planetanyň geologiýasyny we gadymy howa gurşawyny öwrener.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň