Soňky habarlar

Arhiw

Liwerpulyň deňiz porty ÝUNESKO-nyň sanawyndan aýryldy

12:1624.07.2021
0
1798

Beýik Britaniýanyň Liwerpul şäheriniň deňiz porty ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyndan aýryldy. “Muňa portda başlanan goşmaça gurluşyklar sebäp boldy, netijede gurama Liwerpuly “XVIII-XIX asyrlaryň söwda porty hökmündäki gymmatlygyny alamatlandyrýan gaýtalanmajak aýratynlyklaryny ýitirendigi üçin” sanawdan aýyrmak kararyna geldi” diýlip, guramanyň saýtynda habar berildi. Guramanyň geňeşiniň 21-nji iýulda geçirilen onlaýn ses berlişiginde sesleriň 20-sinden 13-si şäheri sanawdan aýyrmak baradaky pikiri goldady. Bu barada ВВС News habar berýär.

Ýeri gelende aýtsak, Liwerpul şäheriniň bäş sany künjegi 2004-nji ýylda ady agzalan sanawa girizilipdi, bu ýerde “Liwerpul— deňizçileriň we täjirleriň ýurdy” diýip umumy at berlen port gurluşyklaryny, söwda we ulag ugurly binagärligi öz içine alýan 136 gektar ýer bar. Häzir bolsa olaryň ornunda täze futbol stadiony we beýleki döwrebap binalar gurulýar.

Liwerpul porty dünýäde ÝUNESKO-nyň sanawyndan aýrylan üçünji ýer boldy, mundan öň guramanyň talaplaryny bozandyklaryny üçin 2007-nji ýylda Omandaky oriks antilopalarynyň goraghanasy, 2009-njy ýylda Drezdendäki Elba jülgesi bu sanawdan aýryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň