Arhiw

Berdimuhamedow HHR-niň Başlygyna gynanç bildirdi

21:3623.07.2021
0
6838

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine ýurduň Henan welaýatynda bolup geçen suw joşgunlary netijesinde, köp sanly adam pidalary, şikes ýetmeler hem-de uly möçberli weýrançylyklar zerarly gynanç hatyny iberdi.

Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň