Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň topary Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

18:0023.07.2021
0
25158

Türkmen türgenleri şu gün XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar.

Türkmneistanyň topary dabaradaky ýörişe 120-nji topar bolup gatnaşdy. Biziň ildeşlerimiz Tokio Milli Olimpiýa stadionyna Trinidad we Tobagodan soň, Türkiýeden öň girdi. Toparlaryň çykyşy ýapon elipbiýine görä kesgitlenildi.

Açylyş ýörişinde Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny dzýudoçy Gülbadam Babamuradowa bilen suwda ýüzüji Merdan Ataýew göterdi.

Koronowirus pandemiýasy sebäpli girizilen çäklendirmelere laýyklykda stadiona tomaşaçylar goýberilmedi. Onda diňe resmi adamlaryň 950-si oturdy.

Oýunlara biziň ýurdumyzdan 9 türgeniň wekilçilik edýändigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň