Soňky habarlar

Arhiw

Hytaýda sagatda 600 kilometr tizlik bilen hereket edip bilýän derhal otly döredildi

19:3923.07.2021
0
6391

Hytaýyň döwlet eýeçiligindäki CRRC korporasiýasy sagatda 600 kilometr tizlige ýetip bilýän magnit derhal otlusyny döretdi.

Kompaniýadan berilýän habara görä, ol duralgada sarp edilen wagty hem goşmak bilen bary-ýogy üç sagatda Pekin ― Şanhaý aralygyndaky 1200 kilometrlik ýoly geçip biler. Deňeşdirsek, bu aralygy uçar 2 sagat 5 minutda, awtoulag bolsa 12 sagatda geçýär.

Täze otlynyň wagonlarynyň her birine 100 ýolagçy ýerleşer. Täze otlynyň saklaýjylyk aralygy 10 kilometr bolar.

Ýerli häkimiýetler täze otlynyň işläp başlamagynyň ykdysadyýet üçin hem bähbitli boljakdygyny öňe sürýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň