Soňky habarlar

Arhiw

Teletomaşaçylar türgenleriň ýürek urgusyny duýup biler

19:2823.07.2021
0
3198

Tokio Olimpiadasynyň tomaşaçylary türgenleriň ýürek urgusyny ekranda görüp bilerler, şeýle hem onlaýn el çarpyşmalar bilen olara goldaw bermek mümkinçiligi dörediler. Bu barada Ýaponiýanyň Moskwadaky ilçisi Toýohisa Kozuki aýtdy.

Diplomatyň pikiriçe, iň täze tehnologiýalar ýaryşlaryň ýaýlymy dowam edýärkä, aýratyn effekt döretmek üçin ulanylar. Şeýlelik bilen, ýaryşlar görkezilende mikrosensor ulanyp, türgeniň ýürek urgusy ekranda görkeziler.

Mundan başga-da, tomaşaçylar türgeniň tolgunmasyny duýup bilerler. Ilçi häzirki zaman tehniki ösüşleriň netijesinde tomaşaçylaryň diňe «mawy ýaýlym» arkaly hem «sportuň doly güýjüni» duýup biljekdigini nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň