Soňky habarlar

Arhiw

«Google» dudluny Olimpiýa oýunlarynyň hatyrasyna täzeledi

19:0623.07.2021
0
4441

«Google» Tokioda başlanan Olimpiýa oýunlarynyň hormatyna baş sahypasynda ugurdaş mowzukda dudl ýerleşdirdi.

Sega döwründäki 16 bitli retro oýunlaryndan ylhamlanan interaktiw dudl Olimpiýa oýunlaryna sportuň käbir görnüşleriniň gaýdyp gelmegi bilen baglydyr. Oýnuň baş gahrymany pişikdir.

Oýny oýnamak üçin gözleg setiriniň üstündäki surata basyň. Bu oýny oýnamak isleýänler howlukmaly. Çünki diňe şu günüň dowamynda elýeterli bolar diýip, «ferra.ru» habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň