Soňky habarlar

Arhiw

EA täze «Dead Space»-i hödürleýär

18:5923.07.2021
0
4556

Kanadanyň «EA Motive» wideo oýun studiýasy we «Electronic Arts» neşirýaty «Dead Space» tapgyrynyň birinji bölüminiň täzeden düzülendigini resmi taýdan yglan etdi.

«Cybersport.ru»-nyň habaryna görä, oýun käbir üýtgeşmeler bilen goýberiler we «Frostbite» hereketlendirijisinde ediler.

Diri galmak elhençligi we üçünji şahs «Dead Space» görnüşlerindäki ylmy kompýuter oýunlarynyň asyl nusgasy 2008-nji ýylda PC, PlayStation 3 we Xbox 360-da çykaryldy. Ol indi täze nesil konsollarynda elýeterli bolar. Takyk goýberiljek senesi entek yglan edilmedi.

«Electronic Arts»-yň resmi web sahypasynda we neşirýatyň «Twitch», «YouTube» kanallarynda 22-nji iýul güni agşam EA Play Live tanyşdyrylyş dabarasy başlandy. Şol döwürde kompaniýa täze oýunlary hödürlär we geljekdäki ösüş meýilnamalary barada gürrüň berer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň