Merkezi Aziýanyň Wençura Gaznasy Türkmenistanyň telekeçilerini öz klubyna çagyrýar

15:2822.07.2021
0
8931

Türkmenistanyň telekeçileri maglumat tehnologiýasy pudagynda sebitleýin işewürlik taslamalaryna goldaw bermäge çalyşýan Merkezi Aziýanyň MOST Ventures hususy wençura gaznasynyň agzalary bolmaga çagyryldy. Bu barada TSTB-niň resmi saýtynda habar berilýär.

“Biziň gaznamyza her Merkezi Aziýa ýurtlaryndan azyndan bir wekil girýär. Türkmenistandan hem şolar ýaly hünärmen wekil, ýagny wençura maýa goýumlary bilen meşgullanjak bir adam ýa-da gurama bolar diýip umyt edýäris” diýip, Aşgabatda “Halypalygyň we maýa goýumlaryň işewürlik mümkinçilikleri” atly taslamasynyň çäginde onlaýn görnüşde çykyş eden, “MOST Ventures”-yň dolandyryjy hyzmatdaşy Alim Hamitow aýtdy.

Wençura gaznalary – bu tejribesiz telekeçileriniň töwekgelçilikli, ýöne ýokary girdejili işewürlik taslamalaryny maddy taýdan goldamaga taýyn adamlaryň birleşmeleridir.

“Kimdir biri Merkezi Aziýadaky bazaryň wençura maýa goýumlaryny ösdürmäge taýyn däldigini aýdyp biler. Muňa degişli kanunlar ýa-da başga şertler ýok. Emma sebitimizde has möhüm zat, ýagny adamyň maýasy kämilleşen. Bizde ajaýyp taslamalary oýlap tapýan, ideýaly adamlar bar” diýip, Hamitow nygtady.

Türkmenistanda wençura maliýeleşdirmesini ösdürmäge, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara Ösüş Agentliginiň (USAID) goldawy bilen bu ugurda birnäçe taslamany durmuşa geçirýän Ykdysadyýetçiler Bileleşigi ýardam edýär.

Bileleşik tarapyndan geçirilen çäreleriň çäginde Türkmenistanda başarnykly türkmen ýaşlarynyň pikirlerini goldajak we ýurdumyzda innowasiýa işewürlik taglymlarynyň durmuşa geçirilmegine ýardam etjek işewürlik-mentorlaryň we wençura maýa goýujylarynyň ilkinji milli jemgyýetiniň döredilmegine garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň