Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmen Mahabat» onlaýn sargytlary kabul edip başlady

19:1421.07.2021
0
1647

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän «Türkmen Mahabat» hususy kärhanasy «Daşly gala» haryt nyşanly mozaika, bezeg gipslerini, boýaglary we beýleki gurluşyk harytlary üçin müşderilerden onlaýn sargytlary kabul edip başlady. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Neşirde ýazylyşy ýaly, munuň üçin hususy kärhananyň «www.tazeoy.xn--com-3ga internet saýty döredildi. Onuň kömegi bilen müşderiler öz isleglerine görä, «Daşly gala» haryt nyşanly mozaika, bezeg gipslerini, boýaglary we beýleki gurluşyk harytlaryny sargyt edip bilýärler. Sargytlar 5 sagadyň dowamynda ýa-da müşderiniň islän gününde eltilip berilýär.

2007-nji ýylda esaslandyrylan hususy kärhana işe başlan ilkinji ýyllarynda gurluşyk işlerini alyp barýar. 2018-nji ýylda bolsa işini önümçilik ugruna gönükdirilýär. Kärhanada häzirki wagtda dürli görnüşlerde we islendik şekillerde bezeg mozaikalary, gips hem-de penoplast önümleri öndürilýär. Bu ýerde daşary ýurt kompaniýalarynyň tejribeleri içgin öwrenilip, şolaryň innowasion tehnologiýalaryndan peýdalanylýar. Ultramelewşe çyraly, uly göwrümli çap ediji enjamlaryň kömegi bilen senagat freskalary öndürilýär, şeýle-de suw esasly boýaglar bilen gipse dürli nagyşlar çekilýär. Bu ýerde «Daşly gala» haryt nyşany bilen gipsdir aýnadan mozaika hem-de bezeg önümleriniň önümçiligi hem alnyp barylýar. Şoňa görä-de, müşderilere dürli ölçegde, dürli galyňlykda we reňkde aýna, kristal, gips bezeg mozaikalary hödürlenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň