Soňky habarlar

Arhiw

Russiýadan Türkmenistana «KamAZ»-yň beton garyjylary getirildi

23:0919.07.2021
0
14139

Jemi agramy 66 tonnadan gowrak bolan «KamAZ» kysymly iki sany beton garyjy ulagy demir ýol bilen Russiýadan Türkmenistana getirildi.

Ýükler Sankt-Peterburg ― Aşgabat aralygyny Gazagystanyň üsti bilen geçdi. Bu işi Russiýanyň demirýol logistika kärhanasynyň Sankt-Peterburg bölümi amala aşyrdy.

«RŽR Partnýor» habarlar agentliginiň habaryna görä, täze ulaglaryň müşderisi biziň ýurdumyzda iri ýol taslamasyny durmuşa geçirýän Russiýanyň iň uly ýol gurluşyk kompaniýalarynyň biridir.

Bu kompaniýanyň häzirki wagtda Aşgabadyň günortasynda sil suwlaryny sowmak boýunça ýörite desgany gurýan «Wozroždeniýe» kompaniýasydygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň