Türkmenistanyň Prezidenti Başar al-Asady Siriýanyň Prezidenti wezipesine girişmegi bilen gutlady

12:2519.07.2021
0
7922

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan jenap Başar al-Asady Siriýa Arap Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

Döwlet Baştutany şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, jenap Başar al-Asada berk jan saglyk, gujur-gaýrat, Siriýanyň dostlukly halkynyň öňe gitmegine hem-de gülläp ösmegine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda we işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň